Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, welaýat häkimligi bilen bilelikde 2023-nji ýylyň dowamynda welaýatymyzda alnyp barylan bäsleşiklere, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-köpçülik işlerine işjeň gatnaşan çagalaryň arasynda «Gel, Täze ýyl, şan berip bu ajaýyp zamana!» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdi. Baýramçylyk duşuşygynda Balkan welaýatynyň «Balkan» hor, «Balkan» depçiler, «Mähek» aýdym-saz toparlarynyň çagalary we ýaş zehinli körpejeler çykyş etdiler. Aýaz babanyň, Garpamygyň gatnaşmagynda geçen bu dabara şatlyk-şowhun bilen garşylandy. Ruhubelent ýagdaýda geçen bu çäre çagalaryň ýüreginde ýatdan çykmajak pursatlary galdyrdy. Çäräniň ahyrynda, bolsa şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän bagtyýar Ýaşlaryň durmuş uniwersiteti Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Ennebike ANNAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.