Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde ýurdumyzda birnäçe dabaralar geçirilýär. Ine şeýle çäreleriň biri hem Balkan welaýatynyň Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň “Gämi” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilelikde «Ak arzuwly täze ýyl» atly aýdym sazly dabara geçirdi. Baýramçylyk çärede Türkmenbaşy şäheriniň medeniýet bölüminiň sungat ussatlary birnäçe aýdymdyr tanslary ýerine ýetirdiler. Dabara gatnaşyjylar şeýle eşretli zamanada ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edip, täze 2024-nji ýylyň asuda, abadan, rysgal, bereketli ýyllaryň biri bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maýagül GARAJAÝEWA,
TMÝG-nyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.