WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýär. Watanymyzda ýaş nesillerimiziň sazlaşykly ösüşi, sagdynlygy, mynasyp bilim almaklary, bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Munuň özi, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň giň gerim almagyna, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň sagdyn bedenli kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine giň ýol açýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň, Gyzylarbat etrap bilim bölümi, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Polisiýa bölümi bilen bilelikde gurnamagynda Gyzylarbat etrabynyň 28-nji orta mekdebinde mugallymlaryň we okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ýaşlaryň arasynda yzygiderli geçirilýän giň gerimli wagyz-nesihat çäreleri olaryň ýaramaz endiklerden gaça durmaklaryna itergi berýär. Çärede çykyş edenler jemgyýetiň sagdynlygy, nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda yzygiderli aladalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Altynaý MÄMMETNAZAROWA,

TMÝG-niň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň hünärmeni.

Öňki makala

AK ARZUWLY TÄZE ÝYL

Indiki makala

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR