Türkmenbaşy şäheriniň kömekçi mekdep internadynda täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýaş nesilleriň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, zyýanly endikleriň, şol sanda partlaýjy maddalaryň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlarymyz üçin döredilýän uly mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin gürrüň berip, her bir mekdep okuwçysynyň özüni mekdepde we mekdepden daşary ýerlerde tertip-düzgünli alyp barmaklaryny, jemgyýetimiziň ertirki gününi döretjek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýokary ahlakly, watansöýüji, göreldeli nesiller bolup ýetişmelidiklerini nygtap geçdiler. Çykyş edenler sözleriniň ahyrynda döwlet berkararlygyny, il agzybirligini barha berkidýän, asuda, abadan ýaşaýşymyzy dowamata atarýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Güljemal BAÝLYÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň
esasy hünärmeni.