Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň gurnamagynda, Türkmenbaşy etrabynyň Bilim bölüminiň mejlisler zalynda etrabyň orta mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň arasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli “Bitaraplyk buýsanjymyz” atly şygar astynda ösüp gelýän ýaş nesliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşikde I orna Türkmenbaşy etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň okuwçysy Orazowa Gülnar, II orna Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesiniň 3-nji orta mekdebiniň okuwçysy Mollaýewa Taganbibi, III orna Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesiniň 3-nji orta mekdebiniň okuwçysy Goşjanowa Aýşat dagylar mynasyp boldular. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara we gatnaşan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary hem-de hormat hatlary gowşuryldy.
Bäsleşige gatnaşyjylar döredip berilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Akmuhammet NAZAROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy.