7-nji dekabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguz welaýat polisiýa müdirligi bilen bilelikde, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler jaýynda, “Bitaraplyk ýoly – rowaçlyk ýoly” atly maslahat çäresini geçirdi. Baky Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygyny hem-de Halkara Bitaraplyk gününi dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen çärä, mekdebiň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahat duşuşygy eziz Watanymyzyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýan “Açyk gapylar” syýasaty, türkmen Diýarynyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan dost-doganlyk gatnaşyklary, baky Bitaraplygymyzyň ülkämize berýän miweleri, mähriban halkymyzyň abadan ýurdumyzdaky owadan durmuşy dogrusyndaky täsirli çykyşlara baý boldy. Maslahat çykyşlaryň giňişleýinligi we täsirliligi babatda, özüniň ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy.
Orazgül AMANMÄMEDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.