Ýaňy-ýakynda şeýle şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde, etrabyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Täze ýyl baýramçylygyny guramaçylykly geçirmek boýunça ýaş nesilleriň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, zyýanly endikleriň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak, hukuk bozulmalaryň öňüni almak hem-de türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň, etrabyň bilim we polisiýa bölümleriniň, etrap hassahanasynyň wekilleri çykyş etdiler. Çykyş edenler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünlikli jemlemek, okuwçy ýaşlaryň arasynda düzgün bozulmalaryň döremeginiň öňüni almak, milli ýörelgelerimiz babatda giňişleýin gürrüň berdiler.
Hudaýnazar MEREDOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.