Golaýda Täze ýyl baýramyny şowhunly garşy almak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi, etrabyň Andalyp şäherindäki “Bereketli” toý mekanynda, edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlaryň gatnaşmagynda “Hoş geldiň Täze ýyl, eziz Diýara” atly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Turuwbaşdan şatlyk-şowhuna beslenen hem-de ýatda galyjy pursatlara baý bolan dabarada etrabyň medeniýet-sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren ajaýyp aýdymlary belentden ýaňlandy. Dabarasynda baýramçylyk gutlaglaryna giň orun berildi. Dabara gatnaşanlar ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda zerur şertleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Berdimyrat KAKAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň başlygy.