Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşi, etrabyň “Kejebe” toý mekanynda täze – 2024-nji ýyly mynasyp garşylamak maksady bilen, “Buýsanja beslenip, gelýär Täze ýyl” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabara edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Çärede etrabyň medeniýet we sugat işgärleri hem-de çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary hoş owazly aýdymlary ýerine ýetirdiler. Şirin owazly sazlaryň belentden ýaňlanan baýramçylyk çäresi şatlyk-şowhuna beslendi.
Kuwwat GALPAKOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy.