ÝAŞLARA ÝÖRELGE HEM GÖRELDE – GAHRYMANYŇ KITABY

     Golaýda hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek, dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, Daşoguzyň agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda "Ýaşlara ýörelge hem görelde – Gahrymanyň kitaby" atly şygar bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda çykyş edenler ýaşlary ganatlandyryjy bu eserde türkmen ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jeminiň jemlenendigini, ajaýyp kitabyň özlerine bildirilen belent ynamy birkemsiz ödän ýaşlary geljekde has-da uly sepgitlere ýetirmäge çagyrýandygyny hem-de ýaşlary beýik işlere ruhlandyrýan nusgalyk gollanmadygyny buýsanç bilen bellediler. Duşuşyga gatnaşanlar ajaýyp eseri sowgat beren, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyna aýratyn bir öwüşgin çaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Ýazjemal BAZAROWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar