Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabyny tanyşdyrmak hem-de dabaralandyrmak maksady bilen, «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly – ýaşlarymyzyň bagt ýoly» atly duşuşyk geçirdi. Ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilen hem-de şatlykly pursatlara baý bolan bu duşuşykda täsirli we ýatda galyjy çykyşlara giň orun berildi. Duşuşykda çykyş edenler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň üstünliklere beslenendigini, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň ýaşlara ilkinji ajaýyp kitabyny sowgat berendigini, bu taryhy wakanyň ýaşlaryň begenç-buýsanjyny goşalandyrandygyny, täze ýeňişlere, asylly başlangyçlara ruhlandyrandygyny, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy netijesinde eziz ülkämiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň halkara giňişliginde üstünlikli dabaralanýandygyny buýsanç bilen bellediler. Duşuşyga gatnaşanlar ajaýyp kitaby sowgat beren hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Aýnur ÝUSUPOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.