GAHRYMANYŇ KITABY – GELJEGIŇ ŞAMÇYRAGY

    Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, hormatly Prezidentimiziň ýaşlara peşgeş beren «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eserini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde «Gahrymanyň kitaby – geljegiň şamçyragy» atly şygar bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Duşuşykda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlarynyň üstünlikleri, olara döredilip berilýän giň şertler, ýaşlar syýasatynyň berýän oňyn netijeleri barada beýan tapýan eseriniň mazmuny, bu kitabyň halk tarapyndan, esasan hem ýaşlar tarapyndan gyzgyn garşylanandygyny, ajaýyp eseriň her bir türkmen ogul-gyzynyň ýankitabyna öwrüljekdigi dogrusynda giňişleýin söz sözlediler. Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyjylar türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.

Abul HAÝTBAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar