WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi hormatly Prezidentimiziň ýaşlara peşgeş beren «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde, şol okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

     Duşuşykda çykyş edenler öz çykyşlarynda Täze ýyl baýramynyň öňýanynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň halkymyza, şol sanda ýaşlara gowuşmagynyň ýaşlar üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly sowgat bolandygyny, ajaýyp kitapda ýaş nesle bolan ynam we buýsanç hakyndaky ýazgylaryň, olaryň täze döwrümizde gazanan sepgitlerine bolan buýsançnamanyň ynsan kalbynda Watana bolan söýgüsini has-da beýgeldýändigini, ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrýandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler.

 

Şirin HAÝTJANOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar