MAGTYMGULY PYRAGY – HALKYMYZYŇ ŞAMÇYRAGY

       Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, Andalyp şäher medeniýet merkezinde edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda, «Magtymguly Pyragy – halkymyzyň şamçyragy» atly şygar astynda dabaraly maslahat geçirdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabyny halkymyza sowgat bermegi mynasybetli ajaýyp eseri ýaşlaryň arasynda ýaýbaňlandyrmak, şeýle-de, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagyny dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen çärede ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýurdumyzyň durmuşynda taryhy wakalara baý bolandygy, ýaşlaryň ýylynyň şanly seneler, ýokary görkezijiler bilen tapawutlanandygy, ýaş nesiller we ýaşlar üçin ýakymly pursatlara beslenendigi, täze taryhy eýýamymyzy bezeýän möhüm sahypalaryň birini emele getirendigi, Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň hakydasyndaky öçmejek yzy dogrusynda giňişleýin bellenip geçildi. Dabarada etrabyň medeniýet-sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde eziz Watanymyzy, mähriban halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän ajaýyp aýdymlar belentden ýaňlandy.

 

 

Azada ORAZOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar