ÝAŞLAR SIZIŇ BILEN, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZ!

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň hem-de Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň bilelikde gurnamagynda, welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ýokary guramaçylykly geçirilen hem-de täsirli çykyşlara baý bolan bu dabara welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalaryň we syýasy partiýalaryň wekilleri, kümüş saçly eneler, ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

     Dabarada Daşoguz welaýatynyň häkimi Soltanmyrat Soltanmyradow, Köneürgenç etrabyndan il sylagly ýaşuly Halnazar Nurmuhammedow, Görogly etrabynyň 39-njy orta mekdebiniň müdiri, mährem ene Haljan Arazmedowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Magsat Otuzow, Daşoguz şäheriniň 39-njy çagalar bagynyň müdiri, Mejlisiň deputaty Enejan Amanýazowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri Aýnur Ýusupowa, Daşoguz şäheriniň 1-nji orta mekdebiniň mugalymy Bahar Batyrowa, Şabat etrabynyň medeniýet merkeziniň tans artisti Nurmyrat Aşyrow, Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Akmyrat Babagulyýew, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Leýli Baýryýewa, Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Nurana Halykowa hem-de Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň 1-nji ýyl talyby, «Ýaňlan Diýarym – 2023» telebäsleşiginiň ýeňijisi Aýgözel Batyrowa dagylar çykyş etdiler. Çykyşlarda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň uly üstünliklere beslenendigi, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň ýaşlara ilkinji ajaýyp kitabyny sowgat berendigi, bu taryhy wakanyň ýaşlaryň begenç-buýsanjyny goşalandyrandygy, täze ýeňişlere, asylly başlangyçlara ruhlandyrandygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy netijesinde, eziz ülkämiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň halkara giňişliginde üstünlikli dabaralanýandygy dogrusynda uly buýsanç bilen hem-de giňişleýin bellenip geçildi. Dabara gatnaşanlar ajaýyp kitaby sowgat beren Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Dabarada welaýatyň medeniýet-sungat ussatlarynyň ajaýyp aýdym-sazlary belentden-belent ýaňlandy.

 

Nurýagdy GALPAKOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň

baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar