Ýaňy-ýakynda şeýle çuň manyly şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesi bilen bilelikde guramagynda, birleşmäniň mejlisler jaýynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan gymmatly eseri bolan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň many-mazmunyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, dabaralandyrmak maksady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Täsirli we ýatda galyjy çykyşlara baý bolan bu maslahatda çykyş edenler ajaýyp eseriň halkymyza gowuşmagy bilen gutladylar. Şeýle-de, çykyşlarda 2023-nji ýyl – Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň uly üstünliklere beslenendigi, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň ýaşlara ilkinji ajaýyp kitabyny sowgat berendigi, bu taryhy wakanyň halkymyzyň, şol sanda ýaşlarymyzyň begenç-buýsanjyny goşalandyrandygy, täze ýeňişlere, asylly başlangyçlara ruhlandyrandygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny dowamat-dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy netijesinde, eziz ülkämiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň diňe bir ýurdumyzda däl-de, eýsem halkara derejesinde üstünlikli dabaralanýandygy uly buýsanç bilen bellenip geçildi. Dabara gatnaşanlar ajaýyp eseri sowgat beren hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Mämmetjan BABAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.