ÖZGERIŞDIR BADYMYZ, ÝAŞA ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZ!

      Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguz welaýat teleradio studiýasy hem-de Daşoguz welaýat kitaphanasy bilen bilelikde, kitaphananyň mejlisler otagynda “Özgerişdir badymyz, ýaşa Arkadagly Gahryman Serdarymyz!” şygary astynda “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik çäresini gurady. Bu çäre 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden dörän «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseriniň many-mazmunyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirildi. Söhbetdeşlikde çäräni guraýjy edara-guramalaryň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Ýaşlaryň ýürek buýsançly çykyşlaryna we gutlaglaryna giň orun berlen söhbetdeşlikde çykyşlaryň özenini hormatly Prezidentimiziň ýaşlara ilkinji ajaýyp kitabyny sowgat berendigi üçin ýaşlarymyzyň buýsançly başlaryny göge dirändigi, täze ýeňişlere ruhlandyrandygy, ýaşlaryň özlerine, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize bolan ynamyny, söýgüsini güýçlendirip, olary ganatlandyrandygy, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli dabaralanýandygy we durmuşa geçirilýändigi baradaky buýsançly gürrüňler düzdi.

 

 

Wepa ESENOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň hünärmeni.

Meňzeş habarlar