Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň guramagynda, Daşoguz şäheriniň «Ýaşlar» merkezinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli, welaýatyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlary sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabarada bu şanly sene mynasybetli, TMÝG-niň welaýat Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Magsat Otuzow, Daşoguz şäher prokurorynyň kömekçisi Mähri Käbişowa hem-de Daşoguz şäher kazyýetiniň uly kazyýet ýerine ýetirijisi Güýçmyrat Gapbarow dagylar gutlag bilen çykyş etdiler. Çykyşlarda bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan harby doktrinamyz, Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmekde, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ägirt uly özgertmeleri, halkymyzyň asuda, abadan we parahat durmuşda ýaşamagy üçin edýän taýsyz tagallalary, eziz Watanymyzy goramakda ýaşlaryň tutýan wajyp orny babatynda bellenip geçildi. Gutlag çykyşlary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk bolup ýaňlandy.
Magsat OTUZOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.