MAGTYMGULY, SÖZLERIM SAZA SALSAŇ, UZ BOLAR

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat hem-de Görogly etrap Geňeşleri Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde, «Magtymguly, sözlerim saza salsaň, uz bola»” atly aýdym-sazly söhbetdeşlik gepleşigini geçirdi.

     

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň şygaryny dabaralandyrmak hem-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiligini, pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlaryny halk arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen aýdym-sazly söhbetdeşlik çäresinde Görogly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň bagşy hünäriniň mugallymy Soltanbagt Rejepowa, Görogly etrabynyň 57-nji orta mekdebiniň aýdym mugallymy, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Çaryýar Berdiýew dagylar Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, şahyryň pähim-paýhasa ýugrulan goşgularynyň diňe bir biziň ýurdumyzda däl, halkara derejesinde uly gyzyklanma eýedigi, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik şahyra goýýan aýratyn hormat-sarpasy, şu ýylyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek medeni çäreler dogrusynda giňişleýin gürrüňler etdiler. Şeýle-de, aýdym-sazly söhbetdeşlik çäresine gatnaşyjylar milli saz guralymyz bolan dutar saz guralynda Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlardan birnäçesini ýerine ýetirdiler.

     Söhbetdeşlige gatnaşanlar halkymyzyň milli ýörelgelerini mynasyp ýöretmekde, medeniýetimizi we sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmekde beýik başlangyçlary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.

 

Serdar ŞYHYÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň

başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar