NESIBÄ GÖNÜKDIRÝÄN ÖWRÜMLER

      Beýle ýagdaýlaryň ýene bir hikmeti şunuň ýaly, mysal üçin, seniň mundan bu ýana gazanmaly rysgalyň indi başga ýerde goýlupdyr diýeli. Sen öwrenişen öňküje ýoluň bilen gidiberseň, igenç-teýeneden, gury sözdür gybatdan başga tapjak, gazanjak, aljak zadyň ýok. Dagda goýlan hazynany düzden, çölde gömlen hazynany deňizden gözleýän ýaly bolýarys. Edil A.P.Çehowyň «Garaňky jaýdan gara pişigi tapmak kyn, esasanam, şol jaýda şol pişik ýok bolsa» diýen sözleri ýadyňa düşýär. Ýazgytda ýok zady aljak bolup, käbir adamlar özlerini nähak ýere horlaýarlar. Hatda Eýýubyň teninden nesibesini iýen gurçuk hem 22 togalanyp ýere düşüpdir. Eýýubyň oňa nebsi agyryp, öňki ýerinde goýaýmazmy, ýyllara çeken derde döz gelip oturan Eýýup onuň soňky ýeke agyz awusyna çydaman uwlaberipdir. «Eý, Eýýup, ol nesibesini iýeninden soň ýere gaçdy, sen oňa nesibesinden artykmajyny iýdirjek bolýarmyň, ol bolmajak zatdyr» diýip, arşdan seda gelipdir. Indiki rysgymyz başga ýerde goýlupmy, diýmek, şol tarapa gönükmelidir. Başga ýol ýokmy, diýmek, öwrülmelidir. Biziň öwrülen tarapymyz maksada eltýän göni ýoldur. Ýolugra ýoldaş bolanlaryň biri: «Maňlaýyňa ýazylan bagt nirededir bir ýerde gizlenýän bolsa hem, seniň tapyp biljek ýeriňde gizlenýändir» diýipdi. Şonuň üçin ykbal her dürli sebäp, bahana döredip, bizi şol ýere gönüger ýaly edýär. Ýeri, onsoň özüňi hak ýola ataran adamlaryň hereketini ýamanlyk hasaplap bolarmy?

Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,

«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.

 

Meňzeş habarlar