Ol örän owadandy, syratlydy, hemmeler bilen mylakatly gürleşerdi, ýylgyryp habar gatardy. Günleriň birinde ýaşaýan ýeriniň gabat garşysyndaky dükandan gök-bakja önümlerini satyn almak üçin daşary çykdy. Garry satyjy onuň diýýän gök önümlerini çekip, ölçeşdirip, gaplap berdi we munuň bahasy hökmünde ýigrimi dollarlyk puluny aldy. Dollary gapjygyna saldy we birdenkä bir zada gözi kaklyşdy. Satyjynyň öl elinde nähilidir bir syýa ýokundysy bardy. Ol gaýtadan seredeninde şol syratly we sypaýy adamyň beren ýigrimi dollaryndaky syýalaryň hem pozulandygyny görüpdir. Içine güman gidipdir: «Bu galp pulmuka? Özi ýasaýan-a däldir-dä...» diýipdir. Şol wagt ýigrimi dollar hem uly pul eken. Satyjy uly iliň sylag-hormatyna eýe bolan adamdan soramaga, oňa şübhesini mälim etmäge çekinipdir. Ýöne bilesigelijiligi gününe goýmansoň, her zadyň anygyna-şänigine ýetmek üçin polisiýa ýüz tutupdyr. Polisiýa 118 işgärleri haýran galypdyr: «Eger-de bu galp pul bolsa, onda ony ýasan adam örän zehinlidir, oýlap tapyjylygy, başarnygy üçin-ä sylaga mynasypdyr» diýşipdirler. Soňra deliller we şübheler esasynda onuň öýüni barlamaga rugsatnama berilýär. Görlüp oturylsa, onuň öýüniň bir gizlin çüňkünde hakykatdan hem maliýe pullaryny galp ýasar ýaly stanok, abzal bar eken. Şeýle hem şol ýerde öz eli bilen çeken we aşagynda goluny hem goýan üç sany surat kartinasy bar eken. Bu adam hakykatdan-da sungat adamy bolup çykypdyr. Edýän işlerine örän zehinli, oýlap tapyjylykly, döredijilikli çemeleşýän eken. Hatda şol pullaryň suratyny hem eli bilen çekýän ekeni. Eger-de ýaňky ýaly ýönekeý bir sebäp ýüze çykmadyk bolsa, onuň bu halyny hiç kim biljegem däl ekeni. Emma kyssa munuň bilen tamamlananok. Polisiýa işgärleri ýaňky abzaly we ol ýerdäki üç sany kartinany hem döwletiň haýryna geçirýär. Kartinalar auksiona çykarylýar we üç suraty jemi 16000 dollara satýarlar. Bu ýagdaýy gören öý eýesi haýran galyp, essinden aýylýar, sebäbi ol ýigrimi dollarlyk bir kupýurany ýasamak üçin sarp edýän wagtynda şonuň ýaly bir kartinany çekýän eken. Bu adam hakykatdan hem zehini, başarjaňlygy babatda aýratyn hormata, öwgä mynasyp adam, emma ol zehinini biderek zatlara sarp etdi. Halal ýol bilen has uly girdeji gazanmaga ýagdaýy, ukyby barka, onuň nä günlere düşüp ýörşüne serediň. Bu etmişi dogrusynda sorag edilende, ol: «Men bu bolan zatlar üçin jeza çekmäge doly mynasyp. Çünki özgelerden öňürti men özümi, öz zehinimi taladym. Ony nädogry ýerde ulandym» diýipdir. Bu kyssa bize şeýle bir sapagy berýär, biz köplenç halatda özgelere däl-de, özümize garşy hyýanatçylykly hereket edýäris. Özümizi, zehinimizi ogurlaýarys. Özümizi talaýarys, özümizi zaýalaýarys, arzuwlarymyzy wagtyndan öň düşürýäris. Biz özümize duşmanlarymyzdan we göriplerimizden has köp zyýan berýäris. 119 Köplenç halatda kine-kibir, töhmet we aýyplama barmagyny jemgyýete, ata-babalarymyza, durmuşa gönükdirýäris, aslynda welin, şol gümanly, şübheli barmagy ilki bilen özümize gönükdirmeli. Öz etmişlerimiz dogrusynda pikirlenmeli. Gör, zehinli, başarnykly adamlaryň näçesi bar, öz ukyplaryny ýeliň ugruna sarp etdiler, ýönekeý, pes arzuwlar, ujypsyz düşewüntler bilen karar tutdular. Beýik maksatlary hem bolgusyz islegleriniň çäginde ýitip, ýok bolup gitdi. Gör, näçe adam bütin ömrüni az-owlak dünýälige satyp, mertebesinden jyda düşýär?! Özi hem, köpimiz şeýle hereket edýäris. Ukyp-zehinimizi, güýç-gaýratymyzy mynasyp ýerine sarp etmeýäris. Durmuşyň hakykatyny görüp bilmezlik iň uly apatlaryň biri, oňa gyýylyp-gynanmak hem juda çökder. Allatagalanyň beren ukyp-başarnyklaryny, energiýasyny bolgusyz işlere sarp etmek akyl ýetirip bolmajak apat. Gynansagam ömür geçýär, günler biri-birine dolaşyp, ömür sahypalaryny düýrläp barýar. Biz bolsa bu zatlara iň soňunda akyl ýetirýäris. Belki, biziň aramyzda wagtynda oýanjaklar, wagtynda düşünjekler bardyr. Ýandepderçäme şeýle bellik edipdirin: «Adam diňe özüni aldap bilýär, beýlekileri aldap bilmeýär. «Özgeleri aldamak» diýen düşünje kadadan çykma we käwagt bolýan zatdyr».
Terjime eden: RAHMET GYLYJOW,
«HALALLYK KYSSALARY» KITABYNDAN.