Ak goluň içinde, garadyr guşy.
(Hat)
Akja geçim ýüzi dişli,
Ýalançyň biler işini.
(Gazet)
Ak ýere gara dary,
Kim seçse, şol orar.
(Kagyz, hat)
Ak ýeri açdym,
Gara dary seçdim.
(Kagyz, hat)
Alym görse biler,
Garadyr ýüzi.
Ony bilmeýänler
Nadandyr özi.
(Hat)
Asmanda gara guşum aýlanýar,
Aşagynda iki owlak baglanýar.
(Uçar we onuň aşagyndaky iki tigri)
Atasy akyl,
Enesi nakyl,
Bir gyz dogulmyş,
Ýigrimi dört şekil.
(Oguz elipbiýi)
Aýagynyň gany ýok,
Içgoşunyň sany ýok,
Syrtynda goşa guýruk.
Agdar, basar
– ol buýruk.
(Traktor)
Aýagy ýok, ýöreýär,
Agzy ýok, sözleýär.
(Hat)
Aýnada gören ýaly,
Ýanynda duran ýaly.
(Gazet)
Badamça badam bilen,
Ýedi gulpdan bilen.
Ne agzy bar, ne burny,
Gepleşer adam bilen.
(Hat)
TÜRKMEN HALK MATALLARY