Şu gün Arkadag şäheriniň häkimliginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan ajaýyp eseri – «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly çuňňur pelsepä ýugrulan ilkinji eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Arkadag şäheriniň häkimliginiň hem-de Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen dabaraly çärä şäheriň çäginde bina edilen edara-kärhanalarda zähmet çekýän, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlar köpçüligi ruhubelent gatnaşdylar.
Dabarada çykyşlara giň orun berildi. Olarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni ýurdumyzda amal edilýän beýik işler bilen taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bolsa bu işler aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Bu şanly ýylda ýurdumyzyň her bir raýatynyň, aýratyn-da bagtyýar ýaşlarynyň durmuşynda ykbal özgerdiji özgertmeler amala aşyryldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda hem bular dogrusynda çuňňur paýhasa eýlenen sözleri bilen giňişleýin belläp geçýär.
Ýaşlary beýik geljegimiziň gurujylary hasaplaýan Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly strategik syýasatynyň netijesinde, ýaş nesliň bilim başarnygyny, hünär endigini döwrüň talabyna görä kämilleşdirmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenildi. Ýaşlaryň döwletiň hem jemgyýetiň möhüm ugurlarynda öz pikirini aýdyp, işleriň alnyp barlyşyna gös-göni gatnaşyp bilmegi ugrunda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar, häzirki wagtda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda öz beýanyny tapýar. Eziz Watanymyza hyzmat etmekden belent borjuň ýokdugyny hemişe ündeýän Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda görkezýän şahsy göreldesi, ählimiz üçin, aýratyn hem, türkmen ýaşlary üçin ajaýyp nusgadyr.
Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz ajaýyp eserinde: «Terbiýe we tejribe – ynsan ykbalynyň goşa ganaty» diýip belleýär. Bu hakykatdan-da şeýle. Her bir işde nusgalyk halypamyz Gahryman Arkadagymyzyň görüm-göreldesi bilen ýetişen, terbiýesi bilen taplanan Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu günki gün gazanan bu gymmatlyklaryny tejribede halkyna bagyş edip, raýatlarymyzyň abadan hem parahat durmuşyny üpjün edýär, Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da beýgeldýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur manyly sözleri bilen aýtsak, halk üçin edilen, halk bilen bilelikde ýerine ýetirilen beýik amallar bilen taryh ýazylýar.
Ine şular dogrusynda we eserde beýan edilýän watançylyk terbiýesi babatda aýdylan çykyşlaryň her bir dabara gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary döretdi. Ýurdumyzyň ussat aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary bolsa dabaranyň öwüşgünini has-da artdyrdy.
Şeýle ajaýyp eseri döredip, ýaşlara peşgeş beren, «Watana söýgi – halka söýgi» diýip, Watanyny, il-gününi jandan ezizleýän Hormatly Prezidentimize ýaşlarymyzyň alkyşlary çäksizdir.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.