ÝAŞLAR BUÝSANÇLARYNY BEÝAN EDÝÄRLER

      Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet galamyndan syzylyp çykan ajaýyp eseri – «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly çuňňur pelsepä ýugrulan ilkinji eseriniň tanyşdyrylyş dabaralary ýokary derejede alnyp barylýar. Bu işlere ýaşlaryň iri jemgyýetçilik guramasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri, öňdebaryjy agzalary hem işjeň gatnaşýarlar. Ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherinde hereket edýän Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň işgärleri hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde seslenmeler bilen çykyş edýärler, edara-kärhanalarda, bilim ojaklarynda maslahat-duşuşyklary, wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli guraýarlar.

      Şeýle çäreleriň biri-de, ýakynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik arkaly geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda amala aşyrylan ýaşlar bilen baglanyşykly işler, ýylyň jemine bagyşlanyp geçirilen döwlet we halkara çäreleri, şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara ajaýyp sowgady bolan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseriniň ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler.

      Şeýle-de çykyş edenleriň her biri ýaşlar hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwren Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan sagbolsunlaryny aýtdylar. Döwlet Baştutanymyzyň gymmatly neşirleriniň höwrüniň köp bolmagyny, galamynyň ýiti bolmagyny arzuw etdiler.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag  şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 27 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 171 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 148 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY