Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny zähmet üstünlikleri bilen jemlän halkymyz Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyny uly ruhubelentlik bilen garşylady. «Ýyllar gelýär bir-birinden zyýada» diýlişi ýaly, döwletimizde Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde il bähbitli, döwlet ähmiýetli işler has-da rowaçlyklara beslenýär. Muny ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde garalan meselelerde has-da aýdyň göz ýetirdik.
Bu resmi iş sapar boýunça we onda garalan meseleler, gelip çykýan wezipeler hem-de kabul edilen ylalaşyklar dogrusynda Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik taýýarlanyldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler, aýratyn-da ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.