Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde döwletli-döwranly Diýarymyzda alnyp barylýan her bir tutumly işler ýurdumyzyň ýaşlary bilen bir hatarda bagtyýar çagalaryň ajaýyp durmuşy, geljegi üçin amala aşyrylýar. Bu günki gün ýaş nesliň iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen çagalar baglarynda terbiýelenmegi, ak mermere beslenen mekdeplerde bilim almagy üçin uly mümkinçilikleriň döredilmegi, olaryň bagtyýar geljeginiň kepilidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň synmaz sütünine, röwşen ertirine deňelýän çagalaryň bagtly geljegi ugrunda çäksiz aladalar edilýär. Çünki Garaşsyz Türkmenistan durmuşymyzyň gülleri, ýüreklerimiziň örki bolan eziz çagalaryň, ýaş nesilleriň ähli arzuwlarynyň myrat tapýan ýurdudyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzda olaryň ähli babatda kämil, ylymly, bilimli, berk bedenli şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda uly işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz «Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işleriniň netijesinde Türkmenistan bagtly çagalygyň ýurduna we arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesine öwrüldi» diýen ganatly sözlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi her ýylda ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşyp, bagtyýar döwrümizi wasp etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezýän, milli medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde öz goşantlaryny goşýan, ýokary döredijilik başarnygy bolan zehinli çagalary we çagalaryň döredijilik toparlaryny sylaglamak maksady bilen Gulbaba adyndaky çagalar baýragyny yglan edýär.
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň ilkinji günlerinde hem bu baýraga ýurdumyzyň ähli künjeklerinden, şol sanda Arkadag şäherinden körpeler mynasyp boldylar. Olaryň ýürek buýsanjyny beýan etmek, zehinli çagalaryň ukyp-başarnygyny görkezmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi «Arkadag» teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda söhbetdeşlik duşuşygyny taýýarlady. Söhbetdeşlige Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan zehinli körpejeleriň biri – Halylmyrat Kakadurdyýew gatnaşdy. Söhbetdeşligiň barşynda Halylmyrat Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, döwletli döwranymyza bolan ýürek buýsanjyny alkyş sözleri, goşgy setirleri hem-de şirin owazyndan çykýan aýdymlary bilen beýan etdi.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.