MAGTYMGULY – NESILLERE GÖRELDE

   Şeýle şygar bilen, düýn Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyna bagyşlanyp «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

   Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu söhbetdeşlikde täsirli çykyşlar edildi. Olarda bellenilişi ýaly, her ýyly döwrebap atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur zehininden syzylyp çykan ajaýyp goşgusy, ýagny Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy, şeýle hem dana şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ýaş nesilleri terbiýelemekde gymmatly mekdepdir.

   Hut şonuň üçin türkmeniň taryhyny, dilini, dinini, ahlak sypatlaryny, beýik häsiýetlerini döredijiliginde wasp edip, geljekki nesillere ýetirmekde, türkmeni türkmen hökmünde dünýä halklaryna tanatmakda ussatlyk görkezen şahyryň eserleri öwrenilmäge mynasyp.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

 

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 27 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 171 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 148 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY