ÝYLLAR GELÝÄR BIR-BIRINDEN ZYÝADA

       Düýn Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasy toý ruhuna beslendi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda geçirilen dabaraly maslahata gatnaşyjy ýaşlaryň ýüzlerindäki şatlyk alamatlary muny aýtmaga esas berýär.

       2024-nji ýylyň döwrebap atlandyrylmagy hem-de hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli geçirilen dabaraly maslahat «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly – belent maksatlar bilen täze üstünliklere tarap» ady bilen geçirildi.

       Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesillere serpaýy – «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynyň ähmiýeti, Magtymguly Pyragynyň baý döredijiligi, ömür ýoly we şu günki hormat-sarpasy dogrusynda beýan edilen çykyşlar oňa gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary galdyrdy.

       Döwrümiziň beýik ösüşlerini, Magtymguly Pyragynyň waspyny beýan edýän, şeýle hem beýik söz ussady dana şahyrymyzyň sözlerine ýerine ýetirilen şirin aýdymlar bolsa ýaşlarymyzyň ýürekden çykýan alkyşlaryna mynasyp boldy.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

 

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 27 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 171 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 148 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY