ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni halkymyzy ösüşiň, rowaçlygyň, abadançylygyň täze-täze belentliklerine alyp barýar. Bagtyýar ýaşaýşa guwanç, aýdyň ertire bolan ummasyz ynanç, kalplara nuranalyk çaýýan buýsançly wakalar, ýetilýän belent sepgitler bagtyýarlyk döwrüniň her bir gününi toý-baýramlara besleýär. Hormatly Prezidentimiziň  parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi.

     Ýakynda TMÝG-niň Türkmenbaşy etrap Geňeşi, Jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Medeniýet öýüniň mejlisler zalynda, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar ýylynyň jemine bagyşlap sowgat beren “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Bu çärä edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenler kitabyň geljekde ýaşlara diňe bir ýol ýörelge bolman, eýsem ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döretjekdigine, kitapdaky görkezilen ugurlaryň usulyýet hökmünde her birimiziň işimizde hem gymmatly gollanma boljakdygy barada belläp geçdiler. Çykyşlaryň ahyrynda biz ýaşlar üçin okamaga, döretmäge, halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagy arzuw edildi.

 

Gülbagt PÜRÇIKOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR