SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGELERINIŇ DABARALANMAGY

        Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ynsanperwer syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ýurdumyz dünýäniň döwletleri, iri halkara guramalary bilen saglygy goraýyş ulgamy boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary barha berkidýär. Onlaýn arkaly özara tejribe alyşmak, amaly lukmançylyga öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlar boýunça ylmy-lukmançylyk gatnaşyklary giňeltmäge uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny, sporty ösdürmekde, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde ýetilen sepgitler muňa buýsançly subutnamadyr. «Saglyk» döwlet maksatnamasy halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde ýetilýän belent sepgitleriň gözbaşy bolup durýar.

        Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaşlara uly ynam bildirýär. Ýaşlarymyz hem özlerine bildirilýän beýik ynama jogap edip ýurdumyzyň ösüşdir özgertmelerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri bizi buýsandyrýar, begendirýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň üstünlikli jemlenmegi mynasybetli täze ýylyň öňüsyrasynda ýaşlar bilen geçirilen halkara ylmy-amaly maslahaty hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şol ýerde hem ýylyň dowamynda üstünlik gazanan ýaşlara hormatly Prezidentimiziň gymmatbaha sowgatlary gowşuryldy. Halkara ylmy-amaly maslahatyň dowam edýän günlerinde «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabynyň neşir edilmeginde-de uly many bar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan Türkmenbaşy şäheriniň köpugurly hassahanasynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp eserinde ýurdumyzda ýaş nesiller, şol sanda çagalar hakynda edilýän taýsyz tagallalaryň giňden açylyp görkezilýändigi, Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň üns aladalary netijesinde ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, saglygyny goramak we berkitmek, mümkinçiligi çäkli çagalara sagaldyş-dikeldiş kömeginiň ýokary derejeli hyzmatyny ýola goýmak arkaly, olaryň sagdyn jemgyýete goşulmagyny gazanmak ugrunda belent ynsanperwer işleriň durmuşa geçirilýändigi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasy, onuň serişdeleriniň hasabyna alnyp barylýan belent ynsanperwer işleriniň munuň aýdyň mysalydygy barada beýan etdiler. Hoşallyk maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Milli Liderimiziň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze ýylyň bosagasynda watandaşlarymyza sowgat eden, halkymyzyň ýankitabyna öwrüljek «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseriniň yzynyň gür bolmagyny arzuwlap, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň  sag , ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Umyt BAÝHANOW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR