TÄZE KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

     Halkymyzyň şöhratly taryhyny, dünýä halklarynyň medeni ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, durmuş ýol-ýörelgelerimizi kämil jemgyýeti berkarar etmegiň, döwletimizi we jemgyýetimizi sazlaşykly ösdürmegiň berk binýadyna öwren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden çykan “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy welaýatymyzda hem giň gerimde dowam edýär.

     Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Balkan welaýat häkimliginiň, TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, Halk Maslahatynyň agzalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň, medeniýet we sungat, bilim saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleriniň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan bu ajaýyp eseriň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabarada giň gerim berlen çykyşlarda kitapda beýan edilýän şanly wakalar, ýerine ýetirilen beýik işler we şol işlerde bagtdan paýly, sylagdan serpaýly ýaşlarymyzyň goşan goşantlary dogrusynda aýdyldy.

     Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylanan çykyşlarda biz ýaşlaryň alyp barýan her bir işlerine uly baha berýän, biz — ýaşlara şeýle uly ynam bildirýän we şol beýik ynamy ödemegimiz üçin döwlet derejesinde ähli şertlerdir mümkinçilikleri döredýän, juwan kalplarymyza ganat berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, bagtyýar ýaşlarymyzyň geljegi ugrunda alyp barýan işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegi, şeýle-de çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň şeýle ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagy arzuw edildi.

     Dabaraly maslahatyň ahyrynda ýüzlenme okalyp, Balkan welaýatynyň medeniýet we sungat işgärleri, çagalar aýdym-saz toparlary çykyş edip, ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar halkymyzy, hormatly Prezidentimiziň beýik işlerini, asuda, abadan durmuşymyzy joşgun bilen wasp etdiler.

 

Oguljeren ÇENDIROWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR