Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinde polkownik Amangeldi Berdiýewiň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň, maýor Döwletgeldi Döwletgeldiýewiň serkerdelik edýän 01721 harby bölüminiň şahsy düzümi, TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşi, il ýaşululary hem-de Gyzylarbat etrabynyň merkezi kitaphanasy bilen bilelikde gurnamaklarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy we okuw sagady geçirildi. Dabaranyň dowamynda TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň hünärmeni Altynaý Mämmetnazarowa öz gezeginde: geçen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem taryhy wakalara, ajaýyp üstünliklere baý ýyllaryň biri boldy. Ýaşlar ýylyna bagyşlap hormatly Prezidentimiziň halkyna peşgeş beren «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji ajaýyp kitabynda häzirki döwürde ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler we bagtyýar ýaşlarymyzyň ähli ugurlarda ýeten sepgitlerini, üstünliklerini görkezýän maglumatlar we ýokary hilli fotosuratlar öz beýanyny tapýar. Etrabyň il sylagly ýaşululary we Gyzylarbat etrabynyň merkezi kitaphanasynyň hünärmeni Gülşirin Meredowa dagylar öz gezeginde çykyş edip, dabara gatnaşyjylar ajaýyp kitabyň «Watan goragy ynamly gollarda» atly bölüminiň aýratyn harby gullukçylaryň durmuşyndan söhbet açýandygy we ýaş watançy harby gullukçylara uly ynam bildirilýändigi barada aýratyn belläp geçdiler. Tanyşdyrylyş dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Belent Serkerdebaşymyzyň adyna ýüzlenme kabul edilip, Döwlet Baştutanymyzyň galamynyň ýiti, ajaýyp kitabynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuwladylar.
Altynaý MÄMMETNAZAROWA,
TMÝG-niň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň hünärmeni.