SPORT – SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

    Mälim bolşy ýaly, bedenterbiýäniň we sportuň her bir adamyň beden taýdan berk, ruhy taýdan baý bolmagynda ähmiýeti juda uludyr. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan ynsan diňe bir beden taýdan tapawutlanman, eýsem onyň dünýägaraýşy, gözýetimi giňeýär, ruhy hem belent bolýar. Berk bedenli, sagdyn ruhly nesli kemala getirmekde, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary möhüm ähmiýete eýedir.

    Ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn ruhly, berk bedenli, päk ahlakly, maksada okgunly ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak, ýaş türgenleriň şahsy ukyplygyny ýokarlandyrmak, Aziýa we Dünýä çempionatlarynda üstünlikli çykyş etmek, ýurdumyzda gylyçlaşmak sportuny ösdürmek we köpçülikleýin ýaýratmak maksady bilen, Balkanabat şäherinde gylyçlaşmak boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Türkmenistanyň Gylyçlaşmak Federasiýasynyň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda Balkanabat şäheriniň köp ugurly sport toplumynda geçirilen sportuň gylyçlaşmak ugrunyň şpaga görnüşi boýunça bäsleşik çekeleşikli häsiýete eýe bolup, janköýerlerde uly täsir galdyrdy.

Emin agzalaryň gelen netijeleri boýunça ýaryşda üstünlikli çykyş edenlere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat hatlary, TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Sähragül IŞANOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

umumy bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR