PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY ÝYLYNA BAGYŞLANDY

       Düýn Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli «Pyragynyň paýhasy – kalbymyzyň aýdymy» atly şygar astynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi bilen bilelikde gurady.

       2024-nji ýylyň döwrebap atlandyrylmagy hem-de dana şahyryň döredijiliginiň ähmiýeti dogrusynda beýan edilen buýsançly söhbetler «Arkadag» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.