MILLI GYMMATLYKLARYMYZ YKRAR EDILÝÄR

     Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Kazan şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça Russiýa Federasiýasynyň çempionatynda «Ak dost» (Ak dus) atly türkmen alabaýynyň iki ugur boýunça çempion bolandygy baradaky hoş habary halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan 2021-nji ýylda Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlen türkmen alabaýynyň bu üstünligi gadymdan bäri dünýäde meşhurlyga eýe bolan türkmen alabaýynyň dabarasyny ýene bir gez şöhratlandyrdy.

     Mälim bolşy ýaly, milli gymmatlyklarymyz halkymyzyň medeniýetiniň ähmiýetli bölegini düzýärler. Hut şol sebäpden olary goramak we geljek nesillere doly ýetirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Hut şol maksat bilen ýakynda, Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde milli gymmatlyklarymyzyň ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem milli mirasymyzy we milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak we dünýä tanatmak ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin Milli Liderimize we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar