Golaýda şeýle çuň manyly şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi hem-de Daşoguz şäher Geňeşi bilelikde Daşoguz welaýat kitaphanasynda “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen, “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň hem-de bilim ulgamynyň ýaş wekilleri gatnaşdylar. Ondaky çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, şahyryň eserlerini halk arasynda hem-de dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüňler edildi we Magtymguly Pyragynyň eserlerinden, bu beýik ynsana bagyşlanyp ýazylan goşgulardan labyzly okaldy.
“Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlige gatnaşyjylar türkmen halkynyň beýik akyldary, şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine belent sarpa goýýan, türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyklaryny beýan etdiler.
Şirin HAÝTJANOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.