Şu günler Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli welaýatyň ähli ýerlerinde baý many-mazmunly dabaralar giň gerime eýe bolýar. Bagtdan paýly ýaşlarymyz şanly ýylyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralara, maslahatlardyr duşuşyklara, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşliklere işjeň gatnaşýarlar.
Golaýda şeýle mazmundaky şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň guramagynda, etrabyň medeniýet öýünde «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Oňa etrabyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Söhbetdeşligiň dowamyndaky 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagynyň taryhy ähmiýeti baradaky çykyşlar aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Söhbetdeşlikde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan belleniljekdigi, nusgawy şahyrymyzyň edebi mirasyny ylmy esasda çuňňur öwrenmek, ony dünýä ýaýmak boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigi dogrusyndaky buýsançly gürrüňlere giň orun berildi.
2024-nji ýylyň döwrebap atlandyrylmagy hem-de dana şahyryň döredijiliginiň ähmiýeti dogrusynda beýan edilen buýsançly söhbetlerde döredijilige aýratyn sarpa goýýan, şahsyýetlerimiziň ruhuny galkyndyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.