MENZILLI ÝOLLARA NUR SAÇÝAN KITAP

     Ýaňy-ýakynda şeýle ajaýyp şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň medeniýet öýünde ýaşlaryň gatnaşmagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik gurady.

     Söhbetdeşligiň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň neşir edilmegi we elimize gowuşmagy mynasybetli buýsançly gürrüňler öz beýanyny tapdy. Çykyşlarda döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň diňe bir ýaşlar üçin däl, dürli ýaşdaky we kärdäki adamlar üçin hem gymmatly gollanma, ýol-ýörelge bolup hyzmat etjekdigi, ildeşlerimizi täze-täze üstünliklere, belent sepgitlere ruhlandyrjakdygy barada aýdylanlar aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Şeýle hem, ýaş nesli watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we halkymyzyň döreden milli ýörelgeleri esasynda terbiýelemekde hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň ähmiýetiniň örän uludygy dogrusynda aýratyn bellenip geçildi.

     Çykyş edenler ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli, zehinli, giň dünýägaraýyşly, kämil nesiller bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini beýan etdiler.

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar