Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebinde «Ýaşlar – Watanyň buýsanjy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çäre Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny ýaşlarymyzyň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen geçirildi. Duşuşygyň dowamyndaky edilen çykyşlarda bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almaklary, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekleri, hünär öwrenmekleri üçin durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, ýaşlary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemekde, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmegiň döwletimiziň baş wezipeleriniň biridigi dogrusynda giňişleýin bellenip geçildi.
Şeýle maksatly çäreler ýörite meýilnama esasynda, etrabyň çägindäki ähli edara-kärhanalarda, orta mekdeplerde yzygiderli geçirilýär.
Gülnahal DÄDEBAÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.