ÝAŞLARA NUSGA SIZ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZ!

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi etrap häkimligi bilen bilelikde, etrabyň Gaýrat geňeşligindäki Jemşit oba medeniýet öýünde «Ýaşlara nusga Siz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» atly şygar bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Dabarada etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň wekilleri çykyş etdiler. Çykyşlarda ýurdumyzyň beýik geljegi üçin beýik işleri amala aşyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän uly ynamyndan dörän bu gymmatly eseriň olaryň durmuşynda ýol görkeziji şamçyraga öwrüljekdigi, bu ýalkymly hem ýakymly taryhy wakanyň bagtyýar, bagta ýar ýaşlarymyzyň buýsançly başlaryny göge dirändigi, täze ýeňişlere ruhlandyrandygy, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli dabaralanýandygy babatynda uly buýsanç bilen bellenip geçildi.

     Dabara gatnaşanlar halkymyzy eşretli, bolelin, parahat zamanada ýaşadýan, ähli mümkinçilik-şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

Öwezmyrat TEKÄÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Şabat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar