Ýaňy-ýakynda şeýle şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi, etrabyň 4-nji orta mekdebinde 2024-nji ýylyň «Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de bu şanly ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde toýlamak maksady bilen, «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary çykyş etdiler. Çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň hakydasyndaky öçmejek yzy barada, onuň ömri we döredijiligi, akyldar şahyryň doglan gününiň uludan bellenilýändigi, nusgawy şahyrymyzyň edebi mirasyny ylmy esasda çuňňur öwrenmek, ony dünýä ýaýmak boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigi dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi.
Duşuşyk maslahatyna gatnaşyjylar türkmen halkynyň beýik akyldary, şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine belent sarpa goýýan, türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge döredijilik bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Şeker HAÝTANOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Şabat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.