Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň, hem-de Akdepe etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 55-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda «Kämil bilim we ýaşlar» atly pedagogiki maslahat geçirildi.
Maslahatyň diňleýjileri mekdep okuwçylary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Akdepe etrap Geňeşiniň wekilleri boldy.
Çärede Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölüminiň müdiri Merdan Ataýew ýaşlara internet ulgamyndan ýerlikli we dogry peýdalanmak hakynda şeýle-de, ýaş nesilleriň ylym-bilimini artdyrmak barada peýdaly maslahatlar bilen çykyş etdi. Soňra Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby, TMÝG-niň işjeň agzasy Allamyrat Gapurow hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Akdepe etrap Geňeşiniň başlygy Berdimyrat Kakaýew «Kämil bilim we ýaşlar» atly temalar boýunça, ýurdumyzda ýaşlar syýasaty boýunça alnyp barylýan işler hem-de döwlet ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň ähmiýetini dogrusynda çykyş etdiler. Her bir çykyşlarda ýurdumyzda ýaş nesiller üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.
Akjagül AMANOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.