ÝAŞLARA NUSGALYK ÝOL-ÝÖRELGE

     Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň çapdan çykmagy we giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy ýaşlar ýylynyň jemlenýän günleriniň ýakymly wakalarynyň biri boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göniden-göni ýaşlara, olaryň üstünliklerine, döredijilik kuwwatyna bagyşlap ýazan ilkinji kitaby we ondaky gymmatly öwüt-ündewleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň öňünde hem mundan beýläk-de işlerimizi ýokary guramaçylyk derejesinde, täzeçil usullarda we döwrebap ruhda alyp barmak ýaly belent wezipeleri goýýar. Bu işleri üstünlikli durmuşa geçirmek bolsa halkymyzyň beýik geljegi üçin örän möhümdir. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjidir, mukaddes Watanymyzyň daýanjydyr, halkymyzyň belent maksatlary nazarlaýan, uly ynam bildirýän nurana geljegidir. Bu ýolda Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseri ýurdumyzyň jemgyýetçilik syýasy, medeni dumuşyny, eziz Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da belende galdyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýan ýaşlara ruhy goldaw, ähli halkymyza gymmatly gollanmadyr.

     Şu nukdaýnazardan biz hem täze kitabyň ähmiýetini ýaşlar köpçüligine giňişleýin ýetirmek maksady bilen Kerki etrap häkimliginiň hünär tehniki okuw mekdebinde okaýan talyp ýaşlaryň arasynda duşuşyk geçirdik. «Hormatly Prezidentimiziň eseri — ýaşlara nusgalyk ýol-ýörelge» diýen at bilen geçirilen bu duşuşyga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap Geňeşiniň işgärleri, Kerki etrabynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary, Kerki etrap häkimliginiň hünär tehniki okuw mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar. Onda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň kitabynyň ähmiýeti dogrusynda aýratyn nygtaldy. Ýurdumyzda hakyky watançy nesilleriň kemala gelmegini gazanmakda, ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde Milli Liderimiziň şa diwanlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby her bir işde bize gymmatly gollanma öwrüler. Ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynda möhüm orun berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegi arzuw edýäris.

 

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2024 | 20 okalan

ÝOL HADYSALARYNDAN ÄGÄ BOLUŇ!

02 Iýul 2024 | 74 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR