ZENAN — ÖÝÜŇ SÜTÜNI

     Jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde, maşgala bagtyýarlygyny gazanmakda, şeýle hem, ene-mamalarymyzdan gelýän däp-dessurlaryň, el işleriň nesilme-nesil geçip, biziň günlerimize gelip ýetmeginde zenanlarymyzyň orny uludyr. Türkmen zenanlary irki döwürlerden bäri asyllylygyň, edepliligiň ýokary nusgasyny görkezip gelýärler. Şu nukdaýnazardan, Berkarar döwletimizde zenan mertebesi has belentden tutulýar. Ýaşlara şeýle ajaýyp milli el işlerimiziň ähmiýetini düşündirmek, olary milli ruhda terbiýelemek maksady bilen Türkmenabat şäheriniň bilim we terbiýeçilik edaralarynda wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär.

     Mährem eneleriň, dürli ugurlarda zähmet çekýän zenanlaryň, okuwçy gyzlaryň gatnaşmaklarynda «Gyzly öý — soltanly öý» diýen at bilen geçirilýän çärelerde gyz edebi, milli el işlerimiz, zenan mertebesi, millilik dogrusyndaky çykyşlara giň orun berilýär. Ildeşlerimiziň nygtaýşy ýaly, Güneşli Diýarymyzda ene sarpasyna, zenan mertebesine aýratyn üns berilýär. Olary goramak, şahsy we jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak ugrunda döwlet syýasatymyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkymyzyň köpasyrlyk däpleriniň, millilik, edep-ekram, maşgala mukaddesligi, nesil terbiýesi baradaky ýörelgeleriniň dowam etmeginde döwletli öýlerimiziň sütüni, ojaklarymyzyň eýesi hasaplanýan gelin-gyzlarymyzyň orny diýseň uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryndan bölekleriň okalmagy şeýle çäreleriň ähmiýetini has hem artdyrýar.

     Ýurdumyzda zenanlaryň bagtyýarlygy ugrunda asylly başlangyçlary durmuşa geçirýän, bize durmuşyň ähli mümkinçiliklerini döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun!

 

Laçyn AKYÝEWA,

TMÝG-niň Türkmenabat şäher Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2024 | 0 okalan

ÝOL HADYSALARYNDAN ÄGÄ BOLUŇ!

02 Iýul 2024 | 64 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR