ÝAŞLARYŇ DURMUŞ GOLLANMASYNA ÖWRÜLDI

     Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby biz ýaşlara uly gollanma boldy. Şu günler bu buýsançly waka mynasybetli etrabymyzyň bilim we terbiýeçilik edaralarynda maslahatlar we duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Ýaş nesliň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilýän bu çärelerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar baradaky jaýdar pikir-garaýyşlaryny, çuň many-mazmuny we taryhy pursatlary özünde jemleýän bu ajaýyp kitabynyň terbiýeçilik ähmiýeti, gymmaty dogrusyndaky çykyşlara giň orun berilýär.

     Ýaňy-ýakynda etrabymyzyň merkezi kitaphanasynda «Ýaş nesillere mynasyp serpaý» diýen at bilen geçiren duşuşygymyza bilim işgärleri, etrabymyzda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar, mekdep okuwçylary işjeň gatnaşdylar. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, kitapda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ylymda, bilimde, döredijilikde, zähmetde hem-de sportda aýratyn tapawutlanyp, döwlet we halkara ýeňişlere eýe bolan bagtyýar türkmen ýaşlarynyň atlarynyň we gazanan üstünlikleriniň agzalmagy döwlet Baştutanymyzyň her bir ýaş nesliň Watanymyzy ösdürmekdäki goşandyny ünsden düşürmeýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Mekdep okuwçylary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten belent sepgitleriniň beýanyna öwrülen, ýaşlara we ýaşlyga bagyşlanan bu ajaýyp kitabyndan bölekleri okadylar. Bilşimiz ýaly, döwletimizde ýaş nesilleriň sagdyn ösmekleri hem-de kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmekleri, aň-paýhas, zehin we döredijilik mümkinçiliklerini ýüze çykarmaklary we doly derejede durmuşa ornaşdyrmaklary, ýurdumyzyň medeni durmuşa işjeň gatnaşmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň durmuş ugurly syýasatyny amala aşyrmakda ýaşlara uly ynam bildirilýär. Bu ynama ygrarly nesiller bolsa öz başarnyklaryny bagtyýar şu günümiziň we nurana ertirleriň hatyrasyna gönükdirýärler.

     Biz ýaşlara durmuşda gollanma boljak, ýan kitabymyza öwrüljek şeýle ajaýyp kitaplary yzygiderli peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

 

Dünýägözel HAÝTEKOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Darganata etrap

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2024 | 0 okalan

ÝOL HADYSALARYNDAN ÄGÄ BOLUŇ!

02 Iýul 2024 | 64 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR