ŞANLY ÝYLYMYZYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANDY

         Her ýylyň mynasyp atlandyrylmagy ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Ýagşy arzuw-niýetlere beslenen ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi türkmen halkynyň dana şahyry Magtymguly Pyraga goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Şahyryň umman ýaly giň, dana we pelsepewi pikirlerden doly döredijilik dünýäsi bu günki gün adamzat jemgyýetiniň iň uly gymmatlyklarynyň hatarynda arzylanýar. Bilşimiz ýaly, şu ýyl milli mirasymyza, ruhy baýlyklarymyza aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary guramaçylykly, dabaraly ýagdaýda bellemeklik üçin ýurdumyzyň ähli ýerlerinde taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Bu bolsa türkmen halkynyň beýik şahyryna goýýan hormatynyň nobatdaky subutnamasydyr.

         Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly mynasybetli dürli çäreler, maslahatlar we duşuşyklar geçirilýär. Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ýaşlaryň durmuşyndaky ähmiýeti» diýen at bilen geçiren «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy hem dana şahyrymyzyň köpugurly döredijilik dünýäsine bagyşlandy. Oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew we Saýat etrap Geňeşleriniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Bagtyýar ýaşlar özleriniň çykyşlarynda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik dünýäsiniň ýaş nesilleri terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda aýratyn nygtadylar. Şeýle-de, söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň ýaş nesiller üçin kämil ýol-ýörelge hem-de nusgalyk gollanma bolup durýandygy dogrusynda öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Çykyşlarda ýaşlara döwrebap kämil terbiýe, ylym-bilim bermekde, eşretli, bagtyýar durmuşy üpjün etmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

 

Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2024 | 0 okalan

ÝOL HADYSALARYNDAN ÄGÄ BOLUŇ!

02 Iýul 2024 | 64 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR