EZBERLERE ÝEŇIŞ ÝARAN

       Ýurdumyzda berk bedenli, sagdyn ruhly nesilleriň kemala gelmegini gazanmak ugrundaky işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Bu şol bir wagtyň özünde Watanymyzyň sport abraýyny dabaralandyrjak sport ussatlaryna hem giň mümkinçilikleri açýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalaryndan ugur alnyp geçirilýän sport ýaryşlary-da sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanynyň ep-esli artýandygyny görkezýär. Şeýle ýaryşlaryň biri ýakynda Türkmenabat şäherindäki 4-nji sport mekdebinde hem geçirildi. Dzýudo boýunça geçirilen Lebap welaýatynyň açyk çempionatyna paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan ýaş pälwanlaryň 700-e golaýy gatnaşyp, 3 ýaş derejesi boýunça özleriniň güýçlerini synadylar. Jemi 44 agram dereje boýunça geçirilen ýaryşlar çekeleşikli häsiýete eýe boldy.

       Üç günläp dowam eden ýaryş 2010 — 2011-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasyndaky tutluşyklardan başlandy. Bu tapgyrda 16 agram derejeleriň 14-sinde lebaply oglan-gyzlar birinji orny eýeläp, çempionlygy gazandylar. Galan 2 agram derejede Aşgabat şäheriniň we Mary welaýatynyň türgenleri ýeňiji boldular. 2007 — 2009-njy ýyllarda doglan türgenleriň arasynda guralan ýaryşlarda ýaş dzýudoçylar 16 agram dereje boýunça ýaryşdylar. Bu tapgyrda lebaply pälwanlaryň 9-sy birinjilige mynasyp boldular. Agram derejeleriň 6-synda bolsa Aşgabat şäheriniň türgenleri çempion boldular.

       2004 — 2006-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda guralan tutluşyklarda Aşgabat şäheriniň türgenleri agram derejeleriň 6-synda, Lebap welaýatynyň türgenleri agram derejeleriň 4-sünde we Mary welaýatynyň türgenleri bolsa agram derejeleriň 2-sinde ýeňiji boldular. Ýeňijiler Hormat hatlary bilen sylaglanyp, olara geljekde-de üstünlikler arzuw edildi.

 

Aýna JUMAKULYÝEWA,

Türkmenabat şäherindäki 4-nji sport mekdebiň orunbasary.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2024 | 0 okalan

ÝOL HADYSALARYNDAN ÄGÄ BOLUŇ!

02 Iýul 2024 | 64 okalan

KALBA KEŞDELENILÝÄN ŞYGYRLAR