Şeýle şygar bilen şu gün Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Arkadag şäher prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Arkadag şäheriniň polisiýa müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, öňde goýlan wezipeler, şeýle hem Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlaryny, millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny giňden wagyz etmek we ýaşlary şol ruhda terbiýelemek maksady bilen guralan bu çäre Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresinde çykyşlara giň orun berlip, olarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredijilik zehininden syzylyp çykan ajaýyp eserleri, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde beýan edilýän beýik ahlak häsiýetleri, olaryň ýaşlary terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler.
Okuw mekdebiniň foýesinde gurnalan sergi bolsa, wagyz-nesihat çäresiniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.