Ýakynda Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde gurnamagynda üstümizdäki ýylyň «Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga talyp ýaşlar hem-de ýörite çagyrylan myhmanlar gatnaşdy.
Täsirli çäräniň dowamynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, beýik Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň ýurdumyzda we halkara derejesinde ýokary derejede bellenilmegi üçin alnyp barylýan giň gerimli işler, akyldar şahyrymyzyň watançylyga, merdi-merdanalyga, ynsanperwerlige, ynsan häsiýetlerine, halallyga, ýokary ahlaklylyga ýugrulan arşy paýhasly goşgulary, onuň diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, tutuş adamzat üçin ähmiýeti barada çykyş etdiler.
Wagyz-nesihat duşuşyga gatnaşanlar röwşen geljege tarap ynamly gadamlar bilen öňe barýan ata Watanymyzda ýaşlaryň bagtyýar ýaşamagy, bilim almagy, halal zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Nurmuhammet DÖWLETOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap Geňeşiniň başlygy.












