«EDEP MAHSUSDYR YNSANA» ATLY WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

      Ýakynda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň, Kärdeşler arkalaşygynyň, Zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda şol toplumyň kiçi mejlisler zalynda zähmetkeş ýaşlaryň gatnaşmaklarynda halkymyzyň asyrlar boýy dowam edip gelýän asylly ýol-ýörelgelerini, milli aýratynlyklaryny, däp-dessurlaryny, ahlak häsiýetlerini wagyz-nesihat etmek maksady bilen «Edep mahsusdyr ynsana» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

      Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde şeýle hem, olarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmetsöýerligi terbiýelemekde alnyp barylýan işler dogrusynda buýsançly beýan etdiler. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda hem akyldar şahyrymyzyň döredijiliginden ugur alyp, ýaşlaryň kämil şahsyýet bolup ýetişmekleri, ata Watanymyza özleriniň halal zähmetleri bilen mynasyp goşant goşmaklary hakynda hem nygtaldy.

      Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýaşlara döredilýän mümkinçilikler üçin alkyşlar bolsa, her bir zähmetkeşleriň ýürek senasyna öwrüldi.

 

 

Uzukjemal GARAGULYÝEWA,

Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky

ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 138 okalan

YNSAN WE TEBIGAT

07 Noýabr 2025 | 92 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI